1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde taryhy waka boldy. Ýagny adamzat kosmosa ilkinji gezek uçuşy amala aşyrdy. Uçuş uzaga çekmedi – bary-ýogy 108 minut dowam etdi.
1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde 27 ýaşly maýor, harby uçarlaryň synagçysy Ýuriý Gagarin «Wostok-1» kosmos gämisi bilen orbita çykdy. Ol sagatda 28 müň kilometr tizlikde, 302 kilometr belentlikde dünýäniň daşyna aýlandy.
Uçuşyň maksady – ýörite abzallaşdyrylan uçarda adamyň kosmosa uçmak mümkinçiliklerini barlamak, uçuş wagtynda onuň enjamlarynyň işleýşini barlamak, uçaryň we kosmonawtyň ýere gonmagyny üpjün edýän serişdeleriň ygtybarlylygyny synagdan geçirmek boldy.
«Wostok-1» – ilkinji adam tarapyndan dolandyrylýan howa gämisi bolup çykyş etdi. Ýuriý Gagarin 108 minudyň içinde bütin Ýer şarynyň daşyna aýlanyp çykdy.
Bu taryhy wakadan 62 ýyl geçdi, ýöne entek-enteklerem adamlar beýik kosmonawt Gagariniň ilkinji uçuşyny ýatlaýarlar we oňa hormat goýýarlar. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji apreli adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara güni hökmünde yglan etdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, ata Watanymyzdan kosmosa uçanlaryň hatarynda türkmen topragynda dünýä inen «Roskosmos» Döwlet korporasiýasynyň instruktor-kosmonawt-synagçysy Oleg Kononenko bar, oňa türkmenistanlylar örän guwanýar.
Hydyr GARLYÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.
Teswirler