Ýaşlar bilen öňe barýar, Watanym!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryna döwletimiziň ähli ugurlarynda — syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynda uly orun berilýär. Muňa ýakynda, 25-nji martda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki mejlisiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür.

Türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ukyp-başarnyklaryny ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

Jeren GALANDAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň
Türkmenbaşy dokma toplumynyň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok