Nusgawy edebiýatymyzyň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi täsin bir umman. Türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biri bolan akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň durmuşynyň agzalmadyk tarapy ýokdur diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Beýik akyldaryň döredijiligini tutuşlygyna alanymyzda, bir daragt bolup, onuň dürli ugurlara bölünmegi bolsa, şol daragtyň her tarapa ýaýran sansyz gollaryna — şahalaryna çalym edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekmegi hem-de 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen şahyryň doglan gününi dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamagy bu ugurdaky işleriň gerimini has-da artdyrdy. Tassyklanan meýilnamanyň esasynda beýik akyldaryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly edebi mirasyny düýpli öwrenmek bilen, ylmy monografiýalary ýazmak, makalalar we goşgular ýygyndylaryny taýýarlamak, «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» döretmek hem-de olary neşir etdirmek ýaly ençeme işleri berjaý etmäge girişildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus ýene bir döwletli işiň başlanandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly belleniler. Türki Döwletleriň Guramasy tarapyndan şol ýylyň türki dünýäde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Şahyryň şanyna tutuljak toý dünýä ýaň salar hem-de Pyragynyň edebi baýlygynyň ebedidigini äleme ýaýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde nusgawy edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Didar DURDYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler