Magtymguly türkmen edebiýatynda, halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran äleme belli beýik şahsyýetdir. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ynsan kalbynyň öçmejek nurudyr. Ýurdumyzda söz ussadynyň pähim-paýhasly döredijiligini çuňňur öwrenmek hem-de dünýä ýüzünde wagyz etmek bilen bagly tutumly işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge taýýarlyk görülýär. Munuň özi şahyryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenip, halk köpçüligine, şeýle hem geljekki nesillere ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlarynda watansöýüjiligiň belent nusgasyny terbiýelemekde beýik söz ussadynyň şygyrlary nusga hem ýol-ýörelge bolýar. Dürdäne pikir-paýhaslary il-güne bagyşlan dana şahyr halkymyzda şygyr bossanynyň bilbili saýylypdyr. Çünki akyldar Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly şygyrlary olary okan we diňlän adamlaryň kalbyna siňýär we ýüreginiň töründen orun alyp, ruhy lezzet eçilýär.
Goý, öz ýurdunyň beýik şahsyýetleriniň mertebesini öňküden-de beýgeldip, il-halkynyň alkyşyna mynasyp bolýan mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlary dik, janlary sag, alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Güljeren ABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler