«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçiriljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeler, sebit we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän beýik başlangyçlar, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan milli gymmatlyklar hakyndaky habarlar dünýäniň maglumatlar ulgamynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagy, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmegi, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň: «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýen parasatly sözlerinden, talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň şertleri:

1. Talyp ýigit özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etmeli. Wagty 3 minut (talyp ýigit ýekelikde ýerine ýetirmeli).

2. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen baglanyşykly talyp ýigit özüniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdym-saz, goşgy ýa-da sahna ýerine ýetirmeli. Wagty 6 minut (çykyş edýän talyp baş keşpde bolup, 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär).

3. Talyp ýigit ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmeli. Wagty 3 minut.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary öz ýokary okuw mekdeplerinde döredijilik bäsleşiginiň deslapky tapgyryny geçirip, ýeňiji bolan talyp ýigidi bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hödürleýär. Bu bäsleşige ozal hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara gatnaşmaga hukuk berilmeýär.

Bäsleşikde talyp ýigitleriň çykyşlaryna baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler toparynyň agzalary talyplaryň her çykyşy üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, aýratynlykda baha goýýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşikde eminleriň beren bahalary deň çykan ýagdaýynda bellenen orunlar degişlilikde köpeldilip bilner. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek deslapky tapgyrlary 2023-nji ýylyň 7 — 27-nji apreli aralygynda, jemleýji tapgyry Ýeňiş gününe gabatlanyp, 2023-nji ýylyň 1 — 8-nji maýy aralygynda geçiriler.

Gerekli resminamalar:

Ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan (1-nji orny eýelän) talyp ýigidiň 2 (iki) sany nusgada şahsy maglumatlaryny (özi baradaky 3×4-lik suraty, dogan-garyndaşlary baradaky maglumaty, pasportynyň nusgasy) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine 2023-nji ýylyň 29-njy apreline çenli tabşyrmaly.

Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Baş baýraga we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan ýeňiji talyplar yglan edilip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-85.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok