Alymlar dünýäniň iň ýeňil boýagyny döretdiler

Hünärmenler ýylylygy serpikdirýän, dürli reňklere öwrülip bilýän we asyrlar boýy öz durkuny ýitirmeýän şeýle-de energiýa tygşytlaýan täze boýag oýlap tapdylar. Şeýle hem, bu boýag şu wagta çenli döredilen iň ýeňil boýag hasaplanylýar.

Kebelek ganatlaryndan ylham alnyp döredilen bu boýag pigmentden ýasalmady. Munuň ýerine, nanopartikullaryň tertibi arkaly reňk gurluş taýdan döredildi. Topar oňa «Plazmoniki boýag» adyny berdi.

Hasaplamalara görä, Boeing 747 uçaryny doly reňklemek üçin diňe 1,4 kilogram plazmoniki boýag ýeterlikdir. Başga bir boýag bilen şeýle uçary boýamak üçin azyndan 454 kilogram adaty täjirçilik boýagy gerek bolýar. Bu, uçuş üçin zerur parnik gazlarynyň mukdaryny ep-esli azaldyp biljekdigini aňladýar.

Täze döredilen boýag häzirki wagtda az mukdarda öndürildi. Hünärmenler geljekde ony has köp we dürli reňkde öndürmegiň üstünde işleýärler.

Hünärmenler täze boýagyň adaty täjirçilik boýaglaryndan 13-16 gradus sowukdygyny aýdýarlar.

Wepa MAKSADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok