Şugundyr şiresiniň beýleki gök önümlerden tapawutlylykda düzüminde köp mukdarda kalsiý, demir, kaliý we magniý bar.
Şugundyr şiresini içmek gipertoniýa ýa-da ýokary gan basyşy bolan adamlarda gan basyşyny peseltmäge kömek edip biler. Geçirilen gözlegler günde 1 bulgur şugundyr şiresini içýän adamlaryň diastolik we sistolik gan basyşynyň peselendigini ýüze çykaryldy.
2012-nji ýylda geçirilen ylmy gözleglere görä, şugundyr şiresini içmek, fiziki görkezijini gowulandyrýar.
Şugundyr şiresindäki nitratlar beýnimizde gan aýlanyşyny ýokarlandyrmaga we garry adamlarda aň-düşünjäniň peselmeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Şugundyr şiresinde kaloriýa az we ýag ýok diýen ýaly. Şeýle-de bolsa günüň başynda şugundyr şiresini içmek energiýa berýär we güýçlendirýär.
Şugundyr şiresi reňkini suwda erän antioksidantlardan alýar. Şiräniň düzümindäki betalainler erkin radikallary ýok edip, rak keseliniň öňüni almaga ýardam berýär.
Şugundyr şiresi myşsalaryň we nerwleriň kadaly işlemegine kömek edýän kaliýniň ajaýyp çeşmesidir.
Begençberdi AŞYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler