Ýaşlygyň gujury ösüşe getirýär

Dünýä ylmynda we edebiýatynda öçmejek yz goýan akyldarlaryň biri hasaplanýan Gýote «Beýik işleri bitirmek üçin juwan bolmaly» diýip, belläp geçipdir. Ynsanyýetiň taryhyna ser salanyňda, dünýäni özgerden açyşlardyr oýlap tapyşlarda, ajaýyp eserleriň döredilmeginde, ykbal kesgitleýji çözgütleriň kabul edilmeginde ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygyny görmek bolýar.

Kämilleşmegi hem-de özgermegi talap edýän zamanada watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji  we gurujy ýaşlaryň yhlasly zähmeti jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şertidir. Döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan ýaşlar ähli ulgamlarda ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Ylym-bilim, döredijilik, sport hem-de beýleki ugurlar boýunça milli we halkara derejedäki ýaryşlarda gazanylýan üstünlikler ýaşlaryň Watanymyzyň abraýyna abraý goşmak ugrunda çekýän yhlasly zähmeti görünýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi hem-de ýaş nesil üçin durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi, zähmetde, ylymda, bilimde, sportda tapawutlanýan ýaşlaryň döwlet derejesinde sarpalanmagy bu ugurda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasydyr. Şeýle tagallalara ýaş nesil hökmünde tutanýerlilik bilen jogap bermek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Nurana AZADOWA,

Türkmenabat şäherindäki 33-nji
orta mekdebiň okuwçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok