«NASA» – «Axiom Space» şereketi bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylan täze kosmos geýimini tanyşdyrdy.
Täze döredilen kosmos geýimi Aýa boljak uçuşlarda ulanylar. «Artemis» taslamasynyň çäklerinde adamlary Aýyň üstüne ibermek we Aýyň üstünde hemişelik stansiýa döretmek üçin kosmonawtlar bu geýimden peýdalanarlar.
«NASA» «Artemis» III taslamasynyň çäklerinde Aýyň günorta polýuslaryny öwrenmegi maksat edinýär. Ilkinji gezek Aýyň günorta polýusyna gonjak kosmonawtlar ylmy gözleglerden başga-da Aý gezelençlerini ýerine ýetirerler.
Şu zatlary göz öňünde tutup, «Axiom Space» şereketi «NASA» üçin «Axiom Extravehicular Mobility Unit» atly täze kosmos geýimini ýasady. Bu kosmos geýimi älem giňişliginiň kosmos agentlikleri we täjirçilik kosmos kompaniýalary tarapyndan ulanylyp bilinjekdigi mälim edilýär.
Işlenip düzülen kosmos geýimi erkek we zenan kosmonawtlaryň bedenine doly laýyk gelýär.
Aýlar MÄMMETBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler