Halkara döredijilik bäsleşigiň netijeleri

2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty ýurt baştutanynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyndaky çykyşynda aýdyň beýan edildi. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini doly amal etmegine ýardam edýän mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň münkinçiliginden peýdalanyp ýokary okuw mekdebimiziň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň mugallymlary we talyplary halkara ders we döredijilik bäsleşigine gatnaşyp baýrakly orunlara, halkara ylmy žurnallarynda bolsa makalalary çap edilip diplom bilen sylaglandylar.

Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň “ERUDIT” halkara derejesindäki onlaýn bäsleşiginde “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy S.Ismailow “Häzirki zaman binagärliginiň meseleleri we mümkinçilikler” temadan ýazan makalasy üçin şahadatnama bilen sylaglandy. “Binagärlik” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby S.Öwezow “Iňlis dili” boýunça, “Dizaýn” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby B.Rejepowa “I.I.Şişkiniň döredijiligi” temadan, “Dizaýn” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyplary O.Täçmyradowa “Rafael Santiniň döredijiligi” temadan, M.Ýazmyradowa “Şekillendiriş sungaty” dersinden hem-de “Tebigat” temadan, Ş.Rejepowa “Dünýä binagärliginiň merjeni” temadan, “Binagärlik” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby L.Ataýewa “Hasaplamagyň düzgüni” temadan, I orunlara mynasyp boldular. Şeýle-de “Pedagogika” dersi boýunça “Binagärlik” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby W.Jelilow, II orna mynasyp boldy. Talyplaryň halkara derejesinde gazanan üstünligi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dabary gutlanyldy.

Akgözel GURBANOWA,
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok