Halkyň saglygy – ýurt abadançylygynyň binýady

Türkmenistan ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen paýhasly jümle ýurdumyzyň döwlet syýasatynda giň möçberli we maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap hassahanalar, dürli lukmançylyk, sagaldyş-dynç alyş ugurly edaralar guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu düzümleriň hemmesi öňdebaryjy enjamlar we täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzda enäni we çagany goramagyň netijeli ulgamy döredilip, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk ulgamy işjeň ösdürilýär. Ýerli çig mallardan ýokary hilli dermanlyk serişdeleri, ýörite maksatly beýleki önümler öndürilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, pudaklaýyn ylmyň höweslendirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň netijesinde, Türkmenistanyň ähli ilatyna ýokary derejeli we halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny almaga mümkinçilik döredildi. Dünýäniň öňdebaryjy hassahanalary we ylmy-barlag merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli häsiýete eýe boldy. Döwletimiz sport-sagaldyş düzüminiň ösdürilmegine, halkara ölçeglere gabat gelýän ugurdaş desgalaryň gurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirýär. Şeýle hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport desgalary, dürli ugurly sport merkezleri ýaş nesillerimiziň hyzmatyndadyr. Ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berilmegi bolsa jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamlaryň saglygy, ilatyň abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasy hökmünde buýsançly kalplary has-da galkyndyrýar.

Ogultagan AMANNAZAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok