Sport — ruhubelentlik we sagdynlyk

«Biz «Sport — ruhubelentlik we sagdynlyk!» diýen ýörelgeden ugur alyp, türkmen sportuny dünýä bilen sazlaşykly ösdürmekde tutumly işleri alyp barýarys!»

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Bu gün eziz Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, sport meýdançalarynyň üstünlikli hereket etmegi, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli türgenleşmekleri we barha taplanmagy, dürli derejedäki ýaryşlarda sport ussatlygyny görkezmegi ugrunda döredilen şertler şeýle diýmäge esas berýär.

Arkadagly Serdarymyz sagdyn jemgyýetiň döwletiň berk binýadydygyny, şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini, her bir raýatyň, şol sanda ýaşlaryň saglygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde bedenterbiýäniň we sportuň uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp geçýär hem-de ýurdumyzda halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegine aýratyn üns gönükdirýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde her birimize nusgalyk görelde bolýan, ata Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýokdur. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlarynda rowaçlyklar elmydama ýaran bolsun!

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok