Ýurdumyzda demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Mälim bolşy ýaly, 26-njy martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary guramaçylykly geçirildi.

Ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzda demokratik ýörelgelere gyşarnyksyz eýerilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan bu syýasy waka Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän aýdyňlyk ýolunyň rowaçlanýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa dalaşgärleriň 12 müň 98-si hem-de syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan Mejlisiň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň 258-si hasaba alyndy. Dalaşgärleri hödürlemek çäresi ilatyň ýokary işjeňliginde geçdi. Munuň özi ýerlerde talabalaýyk guramaçylyk işleriniň geçirilmeginiň netijesidir.

Saýlawlarda üstünlik gazanan ildeşlerimize döwletimize we halkymyza yhlasly hyzmat etmekde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Ýazjemal HOJANEPESOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok