Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, röwşen geljegimizdir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmak üçin ähli mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär. Munuň özi bolsa biz ýaşlary täze maksatlara, belent üstünliklere ruhlandyrýar.
Ýokary okuw jaýymyzyň okuw meýilnamasyna laýyklykda, mugallymçylyk tejribeligini geçýän umumybilim berýän orta mekdeplerimizde okuwçylara watançylyk terbiýesini bermek bilen bir hatarda, taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny hem-de döwlet syýasatynyň häzirki ugurlaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň many-mazmunyny ýaşlaryň aňyna ýetirýäris we olara düşündirýäris.
Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Jeren SOPYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler