Ýaşuly nesilleriň aýtmagyna görä, Oraza aýy iň bir haýyrly aýlaryň biri hasaplanýar. Gymmatly baýlygymyz bolan saglygymyzy berkitmekde bu aýyň ähmiýeti uludyr. Jan sökelliginden azap çekmeýän, bedeni sag, gujur-gaýratly, özüne, nebsine erk edip bilýän adamlar bu aýda bedenlerini artykmaç iýmitlerden, ýaramaz endiklerden saklamak arkaly rahatlyk gazanýarlar. Dost-doganlyk höküm sürüp, goňşy-golam bilen perzent terbiýesi, ýagşylyk etmek, sogap gazanmak barada häli-şindi gürrüň edilýär. Ynsan gadyrynyň hemme zatdan ýokarydygyny subut edýän Gadyr gijesinde ýurt parahatçylygy, il abatlygy baradaky ýagşy umyt-arzuwlar edilýär.
Mukaddes Oraza aýynda dost-doganlyk gatnaşyklary mäkämleşýär. Haýyr-sogap, ýagşylyk köňülleri birleşdirýär. Hijri-kamary hasaby boýunça onunjy bolup gelýän Remezan aýy haýyr-sogap gazanmak üçin uly mümkinçilikleriň bagyş edilendigi bilen has-da söýgülenýär, ýylboýy garaşylýar. Kalbyňda niýet edip, daň ýeriniň agarmaga başlan çagyndan tä Gün ýaşýança iýip-içmekden we ýaramaz pikirlerden daş durmak — agyz beklemek her bir musulmanyň bagt gapysyna tarap ädim ätmegidir. Hijri-kamary hasabynyň ikinji ýylynda parz edilen oraza tutmagyň — agyz beklemegiň esasy maksady Allanyň razylygyny gazanmakdyr. Onuň ruhy we beden saglygy üçin-de peýdasy bimöçberdir.
Bellenilişi ýaly, Oraza aýynda ynsan kalby has-da päklenýär. Adamyň kalby arassa bolanda, ýagşy umytlar bolanda ähli gowulyklar durmuşa ornaşýar. Şonuň üçin hem bu aýda agyz beklemek bilen birlikde kalby päklik, arassalyk, ýagşylyk hem kemala gelýär. Şeýle gowulyklary bagyş edýän bu aýyň hormatyna Oraza baýramy bellenilýär. Oraza baýramynda goňşyňa goňşokara uzadyp, goňşy-golamlaryň arasyndaky gatnaşyklar berkeýär. Şeýle goňşuçylyk gatnaşyklary hem asylly ýörelgelerimiziň biri hasaplanýar. Däp bolşy ýaly, haýyr-sahawata baý Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli birek-birege ýagşy arzuwlar edilýär. Bu hem ynsanlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkidip, iň oňat ýörelgeleri kemala getirýär.
Magtymguly atamyzyň: «Bir ýagşylyk kylar bolsaň, imanyňa sogap bolar» diýşi ýaly, ähli musulman ymmatynyň tutan orazalary, eden haýyr işleri, ýagşylyklary, mübärek Gadyr gijesinde eden doga-dilegleri kabul bolsun! Sogaplar her ojaga, tutuş dünýä nur eçilsin. Remezan berekedi ojaklaryňyza, köňlüňize siňsin!
Ýalkym BEGLIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler