Halkara Nowruz baýramy dünýäniň ençeme ýurtlary bilen birlikde, her bir güni taryhy wakalara, şanly dabaralara beslenýän ýurdumyzda hem uludan bellenilýär. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda bu ajaýyp baýram ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Halkymyzyň, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlarynyň durmuşyna mäkäm ornaşan Nowruz baýramy parahatçylygy, ynsanperwerligi, dost-doganlyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Nowruz — galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Ferdöwsiniň meşhur «Şanama» poemasynda Nowruzyň Ahemenitler döwletinde Jemşidiň hökümdarlyk eden döwründe has giňden dabaralandyrylyp başlanandygy barada gürrüň berilýär. Şol döwürde her bir maşgalada dürli tagamlar bişirilipdir. Adamlar birek-birege «Nowruz haýyrly bolsun!» diýip ýagşy arzuwlary aýdypdyrlar.
Nowruz – ýagşylygyň ilçisi! Baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Daş-töwerek abadanlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
Häzirki zaman jemgyýetimiziň ruhubelentliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň nyşany bolan bu sene adamlary ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar we ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize hem-de nurana geljegimize buýsanç duýgularyny pugtalandyrýar.
Gunça MOMMYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler