Geçi süýdüniň peýdasy

  • Geçi süýdi dünýäde iň köp ulanylýan süýt görnüşiniň biri bolup, dünýä ilatynyň dörtden üç bölegi geçi süýdüni ýa-da ondan taýýarlanan önümi sarp edýär;
  • Geçi süýdi tiz we ýeňil özleşýär;
  • Geçi süýdi sygyr süýdünden birneme süýji bolup, ýagynyň ap-ak hem-de peýniriniň sary bolmagy bilen tapawutlanýar;
  • Geçi süýdi yzygiderli sarp edilende kadaly agram derejesi saklanyp, ýürek keseliniň, süýjüli diabetiň hem-de ýokary gan basyşynyň öňüni almaga ýardam edýändigi bellenilýär. Şeýle-de, düwnük keseliniň döremeginiň öňüni alýar.
  • Geçi süýdüniň düzümi we iýmit elementleriniň baýlygy taýdan ene süýdüne iň ýakyn süýtdigi mälimdir;
  • Geçi süýdünde sygyr süýdünden has köp kalsiý bar. Bu ýagdaýda geçiniň süýdüniň bäbekleriň ösmegi üçin kalsiýniň gowy çeşmesidigini aýdyp bolar. Şol sebäpli geçiniň süýdi çaga iýmitini öndürmek üçin amatly çeşme bolup durýar;
  • Bilermenler ganazlykdan ejir çekýänlere geçi süýdüni içmegi maslahat berýärler;
  • Geçi süýdüniň ýagynyň 99% töweregi trigliseridlerden durýar. Geçiniň süýdüniň gysga zynjyrly ýag kislotalaryna baý bolmagy, iýmit siňdiriş ukyby entek ösmedik bäbekleriň iýmitlenmeginde möhüm rol oýnaýar;
  • Geçi süýdi düwürtigi aýyrmak bilen bir hatarda, Gün şöhlesinden zeper ýeten derini nemlendirýär hem-de deriniň täzelenmegine goşant goşýar;
  • Geçiniň süýdüniň adam saglygyna peýdasyny we artykmaçlyklaryny hasam artdyrmak üçin çig içmek maslahat berilýär;
  • Geçiniň süýdünde kalsiý köp bolany üçin, çagalarda we ulularda süňk saglygy üçin möhümdir. Ol garrylyk sebäpli döreýän süňk kesellerine duçar bolmak howpuny peseldýär;
  • Geçi süýdi immun güýçlendiriji minerallary we witaminleri öz içine alýar. Ol energiýa berýär.

Ezizmuhammet HAJYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok