Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna ýokary ähmiýet berilýär

Türkmenistan Diýarymyzda taryhy we medeni ýadygärliklerimizi içgin öwrenmek hem-de gaýtadan dikeltmek boýunça döwlet ähmiýetli işleriň ençemesi amala aşyrylýar. Bu ugurda BMG-niň ýöriteleşen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk hem barha berkeýär. ÝUNESKO-nyň işiniň hususan-da bilim, ylym, medeniýet ýaly esasy ugurlary Türkmenistanda iri anyk taslamalar bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň bu Gurama bilen medeni hem-de tebigy baýlyklary gorap saklamak ulgamyndaky önjeýli hyzmatdaşlygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Häzirki güne çenli Bütindünýä mirasyň sanawyna halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda möhüm orun alan taryhy-medeni goraghanalar 1999-njy ýylda «Gadymy Merw», 2005-nji ýylda «Köneürgenç», we 2007-nji ýylda Nusaý galasy girizildi. Bu keramatly ýerleriň ylmy we taryhy ähmiýeti örän uly bolup, häzirki we geljekki nesilleriň dünýä gymmatlyklaryna uly goşantdyr. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda taryhy-medeni mirasymyzyň gymmatlygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň çäklerinde dünýäde ilkinji ekerançylygyň, medeniýetiň, ylmyň gadymy ýadygärlikleri ýerleşendir. Bu gadymy galalaryň arhitektura toplumlary we aýratyn gurluşyklary bütindünýä bellidir. Halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmek, geljek nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny resmileşdirmek we hasaba almak boýunça işleri dowam etdirilýär. Häzirki wagtda taryhy we medeni desgalaryň 1442-si döwlet hasabynda durýar. Güneşli Diýarymyzda halkara ekspedisiýasynyň birnäçe arheologiki toplumlary işleýär. Olaryň medeni mirasy öwrenmekdäki gözleg işleriniň netijeleri gymmatly ylmy ýygyndy bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ylym, bilim we medeniýet ugry boýunça halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen bu ugurdaky hereketleriň işjeňleşdirilendigini nytgamak zerurdyr. Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna ýokary ähmiýet berýär. Dürli sebit hem-de halkara giňişliklerinde geçirilýän ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar, çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu Guramanyň wezipeleriniň umumadamzat gymmatlyklarynyň goraglylygyna gönükdirilendigi Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin häsiýetiniň kepili bolup çykyş edýär.

Ýazmyrat ALLANAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok