Hasyl arzuwlaryň bary, Pyragy!

Her bir şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygyna, halkyň adalatly we ynsanperwer jemgyýeti döretmek baradaky döwletli ýörelgelerini dogry we çuň beýan edýändigine, halky öňe, bagtyýarlyga alyp gidýändigine baglydyr.

Halkylygyň şu hili milli häsiýetleri bütin ömrüni halkyň hyzmatynda geçiren, türkmen edebiýatynyň halypasy, beýik şahyr Magtymguly Pyraga mahsusdyr. Şahyryň döredijiliginde halkylygyň güýçli bolmagyna sebäp bolan ýene-de bir esasy zat, onuň özüniň ähli duýgularynyň, pelsepewi garaýyşlarynyň, arzuwlarynyň halkyňky bilen bir bolmagydyr.

Akyldar şahyr türkmen halkynyň agzybirlik taglymatyny öňe sürmek bilen, halkyň örän uly jemgyýetçilik ähmiýeti bolan öz ykbalyny özi kesgitlemek ýaly meýillerini ösdüripdir. Şonuň üçin hem Magtymgulynyň halkyň kalbynyň owazy ýaňlanýan döredijiligi häzirki döwürde hem belent sarpa eýe.

Ady bütin dünýäde tanalýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda halk döredijiligine mahsus bolan nakyllaryň, atalar sözleriniň ussatlyk bilen ulanylmagy onuň döredijiliginiň halkylygyny aýdyň şöhlelendirýär.

Kalba ylham, joşgun berýän şeýle setirler bilen çeper edebiýaty halkyň durmuşyna ýakynlaşdyrmagy Magtymgulynyň örän uly taryhy hyzmatydyr.

«Döwlet, döwran, döwletlilik» diýen deňdeş düşünjeler köpmanyly we köptaraplydyr. Halkymyz bu düşünjeleri ruhy-ahlak gymmatlyklary nukdaýnazaryndan sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, abadançylygyň alamaty hökmünde aýdyň häsiýetlendirýär. Döwletlilik — bagtyýar, bagtly, döwranly döwürde Garaşsyz döwletiň raýaty bolmakdan başlanýar. Şeýle hem bagtly maşgaladan, bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ulus-ilden başlanýar.

Magtymgulynyň çoh garaşan ajap eýýamy bolan bagtyýar zamanamyzda, akyldaryň halk aladasyna ýugrulan halkylyk taglymaty hemmetaraplaýyn kämil, döwrebap nesli terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Magtymguly akyldaryň halkylyk we döwletlilik taglymaty halkymyzyň hakydasynda baky ýaşaýar.

Gülşat HOJAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok