Dünýe dursa, baky diri Pyragy!

2024-nji ýylda Gündogaryň meşhur akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek barada Karara gol çekilmegi her bir setiri nakyla, akyla öwrülen dana şahyr Magtymguly Pyraga bolan söýgümizi ýene bir gez belende göterdi.

Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň söýgüli şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň köpöwüşginli şygyrlary, pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri, parasatly sargytlary halkymyzyň durmuş ýörelgesine we pelsepesine, şeýle-de bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Akyldar şahyryň döredijiliginde agzybirlik, jebislik, açykgöwünlilik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk hakda ajaýyp setirler bar. Şahyryň her bir dürdäne setiri şahsyýeti kämilleşdirýär.

Akyldar şahyr öz goşgularynda aýal-gyzlaryň edep-ekramy, olaryň gylyk-häsiýeti, işbaşarjaňlygy barada hem birnäçe öwüt-nesihat beriji ajaýyp setirleri bize miras galdyrypdyr.

Akyldar şahyryň ömri we döredijiligini öwrenmeklige, ony ýaş nesillere ýetirmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulsona BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok