Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasy döwrebap öwüşginler bilen baýlaşýar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda medeni ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hem netijeli işler ýola goýulýar. Milli taryhy-medeni mirasymyz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz diňe bir halkymyz üçin däl, bütin adamzat üçin hem gymmatly baýlykdyr. Geçirilýän halkara ylmy maslahatlary, sergileri, medeni-sungat festiwallary baý taryhy-medeni mirasymyzy dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde alnyp barylýan işleriň netijesidir. Adamzat taryhynyň köpasyrlyk sahypalaryny özünde jemleýän Nusaý, Änew, Marguş, Altyndepe, Maşat-Misserian, Dehistan, Köneürgenç ýaly gadymy taryhy-medeni ýerler türkmen halkynyň umumadamzat medeni-ruhy ösüşine uly täsirini ýetirmek bilen, milli mirasymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar. Şöhratly türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň bir amatly çatryk bolup hyzmat edipdir. Şol nukdaýnazardan hem, medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamakda ÝUNESKO bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Taryhy-medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak we olary öwrenmek döwletimizde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Eziz Diýarymyz bu abraýly guramanyň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşuldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun alan Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, milli gymmatlyklarymyz halkymyzyň genji-hazynasydyr. Bu işler ÝUNESKO bilen ýadygärliklerimizi gorap saklamak babatda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny, tebigy ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek baradaky bilelikdäki tagallalaryň güýçlendirilmegine hyzmat edýär.
Arslan AHMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler