Berkarar döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy has hem belende galyp, halkara işjeňligi, şol sanda ÝUNESKO bilen ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlygy barha berkeýär. Bu guramanyň esasy maksatlary bilim, ylym we medeniýet ugurlaryny öz içine almak bilen bir hatarda, medeni diplomatiýa arkaly bütindünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan döwletimiz 1993-nji ýylda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Ýurdumyzyň bu guramanyň kabul edýän bilim, ylym we medeniýet ugurlaryny öz içine alýan onlarça konwensiýalaryna goşulmagy hem olaryň arasyndaky ýola goýlan giň gerimli hyzmatdaşlygyň hukuk esasynyň berkemegine ýardam berýär. Jemgyýetiň ruhy durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bu ugry kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi, dünýä halklarynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, dili şeýle-de medeni gymmatlyklary, binagärlik sungaty we başga-da birnäçe aýratynlyklary bilen içgin tanyşmaklyga uly ýardam berýär. Ýurdumyzyň bu konwensiýalara goşulmagyň özi eýýäm doly hukukly agza hökmünde Türkmenistana şol ugurdaky hyzmatdaşlygy has giňişleýin ösdürmäge, ýaýbaňlandyrmaga, işjeňleşdirmäge uly mümkinçilikler döredýär. Ýurdumyzda hem şu ugurdaky işleri ösdürmekde ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şol bir wagtda başga-da birnäçe konwensiýalara agza bolmak arkaly beýleki döwletler bilen ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň hukuk esasynyň has hem berkemegine esas bolýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO bilen medeniýet ulgamynda ýola goýulýan giň gerimli işleriň has hem işjeň ösdürilýändigi görmek bolýar. Türkmeniň medeni mirasyny gorap saklamakda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has hem berkitmekde alnyp barylýan işlere biz ýaşlar hem öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys!
Ýakup MAWYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler