Medeni ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda milli mirasymyzyň aýawly saklamak we giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Eziz topragymyzyň çäginde ýerleşen dünýä meşhur Merwde, Köneürgençde, Jeýtunda, Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Amulda, Dehistanda amaly-haşam sungatynyň, senetçiligiň, haly-palas dokamagyň milli usullary, gaýtalanmajak nusgalary ýüze çykaryldy we bu taryhy taýdan gymmatly tapyndylar adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşdy. Merdana türkmen halky bu gün Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda şöhratly taryhynda orun alan milli mirasynyň nusgalyk naýbaşy görnüşleriniň umumadamzat medeniýetine örän uly goşant goşýandygyna buýsanyp ýaşaýar. Her bir güni toýalara beslenýän ýurdumyzda halkara derejedäki festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Dünýä halklarynyň arasynda agzybirligi, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy kemala getirmekde, medeni ugry ösdürmekde, türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny giňden wagyz etmekde, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda halkara derejesindäki çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Ruhy-medeni mirasyň, gaýtalanmajak milli däpleriň, milli sungatyň, gymmatlyklaryň ajaýyp nusgalarynyň kämillik derejesine ýetirilip, geljekki nesillere ýetirilmegi üçin Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusga alarlyk döwlet syýasaty alnyp barylýar. Şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, ýyndam ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda möhüm başlangyçlara badalga berilýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň barha giňelýändigini halkara derejesinde bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny we ÝUNESKO klublaryny döretmek, orta mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek ugrunda alnyp barylýan işler aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.

Mahym ÖRETÄÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok