Ylymly-bilimli bagtyýar ýaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Bu gün bedew bady bilen öňe barýan, gülläp ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere ýaşlar mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi kalbymyzda uly buýsanç döretdi, ruhumyzy belende göterdi. Munuň özi ýaşlaryň jemgyýetimizdäki tutýan ornunyň ýokarydygyny görkezýär. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlar hakyndaky şeýle aladalaryň olaryň çagalyk döwründen başlanýandygyny, bilimlerini artdyrmaga, dünýägaraýşyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny yzygiderli berjaý etmäge giň mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini bellemek gerek.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen okuw mekdeplerinde ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna niýetlenilip, iň häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim berlişi dünýä hil derejesine çykarylýar. Biz — talyp ýaşlar hem döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýarys. Özümiz hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalara jogap edip, oňat bahalar bilen okamak, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolmak üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, okamaklary, işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Giň dünýägaraýyşly, ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler bizi örän begendirýär. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hemişe alkyş aýdýarys.

Aýgül GARATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok