«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady:
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly, öňdengörüjilikli syýasatyny goldaýan, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan we guwanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, täze üstünliklere ruhlandyrmak, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde welaýatymyzyň orta mekdeplerinde okaýan 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň şertleri wegeçişi:
Bäsleşige hödürlenen eserlerde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän giň gerimli işleri, halkymyzyň agzybirligi, gazanylýan ösüşler wasp edilmelidir. Ýaşlar bäsleşigiň haýsy hem bolsa bir görnüşi boýunça gatnaşyp bilerler. Bäsleşik aşakdaky ýaly ugurlar boýunça geçirilýär:
— goşgy ýazmak;
— liriki oýlanma.
«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşigine welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan 10-11-nji synp okuwçylary özleriniň goşgularyny ýa-da liriki oýlanmalaryny hödürläp bilerler.
Bäsleşige hödürlenen goşgulara, oýlanmalara ýörite düzülen eminler topary tarapyndan serediler. Bäsleşigiň ýeňijileriniň goşgulary, oýlanmalary «Daşoguz habarlary» gazetinde çap ediler we olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň Hormat hatlary, sowgatlary bilen sylaglanar.
«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçy ýaşlar eserlerini 2023-nji ýylyň
10-njy maýyna çenli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasyna ugratmalydyrlar. Bäsleşige eserleriniň ýany bilen özleri hakyndaky maglumatlary goşmalydyrlar. Bäsleşik 2023-nji ýylyň15-nji maýynda jemlener.
Teswirler