«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirer. AGPJ munuň üçin potratçy seçip almak boýunça № DÝ/AGPJ-028 belgili açyk halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş berildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
• bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
• lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
• bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
• tendere gatnaşmak üçin 2012 manat 50 teňňe (şol sanda 262 manat 50 teňňe – GBS) tölegi tölemeli.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar «Demirýollary» AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.
AGPJ ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalarynyň kabul edilmeýändigini hem habar berdi.
Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55 otagda (1-nji gat) kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 38-31-04; +993 12 38-31-03.
Faks: +993 12 38-31-03.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolynyň 7-nji jaýy.
Teswirler