Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmeklige, gorap saklamaklyga we dünýä ýüzünde giňden wagyz etmeklige gönükdirilendir.
Häzirki döwürde şol gymmatlyklarymyzy öwrenmek bilen birlikde olaryň dünýä medeniýetindäki tutýan ornuny ebedileşdirmekde mynasyp işler alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bola ÝUNESKO bilen hem alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgalaryny umumadamzat gymmatlygy hökmünde gorap saklamak bilen olaryň birnäçesini ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizmek babatda birnäçe işler üstünlikli amal edilýär. Bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen we girizilmegi meýilleşdirilýän milli we köptaraplaýyn hödürnamalary taýýarlamak boýunça degişli işleri ýola goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etmeginde halkymyzyň milli-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, gaýtadan dikeltmek, dünýä ýaýmak, milli gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşy nusgalaryny ÝUNESKO-nyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak ugrunda alnyp barylýan işler ählimizi begendirýär. Mähriban halkymyzyň baý hem köpöwüşginli mirasyny, umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryny öwrenmekde, gorap saklamakda we olaryň taryhy-medeni ähmiýetini dünýä ýaýmakda, ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde döredilýän ähli şertdir mümkinçilikler ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende götermeklige, milliligimizi kämilleşdirmeklige gönükdirilendir.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler