Bilim merkezleriniň diňleýjileriniň arasynda bäsleşik geçirildi

Golaýda, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasyna» laýyklykda Aşgabatda ýerleşýän okuw we dil merkezleriniň arasynda ähli welaýatlaryň gatnaşmagynda iňlis dili we rus dillerinde yglan edilen bäsleşigiň 2-nji tapgyry geçirildi. Bäsleşige jemi her welaýatdan rus dili boýunça 64 iňlis dili boýunça 64 sany diňleýjiler gatnaşdy. Bäsleşik 3 ýaş derejesinde, ýagny, 1 -nji dereje 12-13 ýaşlylaryň, 2-nji dereje 14-15 ýaşlylaryň, 3-nji dereje 16-18 ýaş aralarynda bolup, bäsleşik 90 minut aralygynda boldy.

Bäsleşige «Kämil bilim», «Gujurly bilim», «Zehin ýoly», «Dana» bilim merkezi, «Päk nesil» bilim merkezi, «Telekeçiler» bilim merkezi, «Diller dünýäsi», «Bilim ýoly» ýaly okuw merkezleriň diňleýjileri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň netijelerine görä, 12-13 ýaşly diňleýjileriň arasynda iňlis dili boýunça «Zehin ýoly» okuw merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň diňleýjileri Döwlet Rozyýew 1-nji, Gunça Şageldiýewa, Hajymyrat Ýagşyýew 2-nji orunlara, «Dana» bilim merkeziniň diňleýjileri Abdyleziz Nuryýew, Leýli Nurbaýewa, «Gujurly bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi Mergen Şiriýew 3-nji orunlara mynasyp boldular. Şol ýaş derejesinde rus dili boýunça «Zehin ýoly» okuw merkeziniň diňleýjisi Mähri Jumaýewa 1-nji, «Gujurly bilim» merkeziniň diňleýjisi Aýlar Mämmedowa, «Zehin ýoly» okuw merkeziniň diňleýjisi Diana Hasanowa 2-nji orna, Zehin ýoly» okuw merkeziniň diňleýjisi Aýgül Rahmanowa, «Diller merkezi» dil merkeziniň diňleýjisi Meýlis Annaýew, «Telekeçiler» bilim merkeziniň diňleýjisi Dursun Baýramowa dagylar 3-nji orunlara mynasyp boldular.

14-15 ýaşly diňleýjileriň arasynda rus dili boýunça «Zehin ýoly» okuw merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň diňleýjisi Wepa Myradow 1-nji orna, «Gujurly bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi Şirin Mämmedowa, «Bilim ýoly» ýaly okuw merkeziniň diňleýjisi Towar Rejepbaýewa 2-nji orna, «Dana» bilim merkeziniň diňleýjileri Aýjeren Akmämmedowa, Muhammetgeldi Ataýew, «Telekeçiler» bilim merkeziniň diňleýjisi Oguljeren Annaýewa dagylar 3-nji orna mynasyp boldular. Şol ýaş derejesinde iňlis dili boýunça «Zehin ýoly» okuw merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň diňleýjileri Annamyrat Akyýew 1-nji orna, Zahra Aliýewa, Alişer Bazarow 2-nji orna, «Päk nesil» bilim merkeziniň diňleýjisi Nurana Ilhanowa, «Dana» bilim merkeziniň diňleýjileri Merjen Muhammetnyýazowa, Timur Arazmedow dagylar 3-nji orunlara mynasyp boldular.

16-18 ýaşly diňleýjileriň arasynda iňlis dili boýunça «Zehin ýoly» okuw merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň diňleýjileri Daýanç Ýangiýew 1-nji, Mähri Baýramowa, Aýlara Begenjowa 2-nji orna, «Bilim ýoly» ýaly okuw merkeziniň diňleýjisi Ylýas Annaberdiýew, «Dana» bilim merkeziniň diňleýjisi Nurana Çaryýewa, «Dana» bilim merkeziniň diňleýjisi Aýlor Akgaýewa dagylar 3-nji orna mynasyp boldular. Şol ýaş derejesinde rus dili boýunça «Zehin ýoly» okuw merkeziniň Türkmenabat şahamçasynyň diňleýjileri Firuza Matkarimowa 1-nji, Nurmyrat Sahatow, Gaýrat Baýramow 2-nji, «Päk nesil» bilim merkeziniň diňleýjisi Aman Seýitmyradow, «Dana» bilim merkeziniň diňleýjisi Halym Ataballyýew, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi Jemal Durdyýewa dagylar 3-nji orna mynasyp boldular.

Azym ÖWEZOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok