Ýurdumyzyň geljegi – döwrebap ylymly-bilimli kämil ýaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, röwşen geljegimizdir. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek ýaly möhüm ugurlar hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezindedir.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna üns bererin» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.

Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän mukaddes ynamyň ýokarydygyna güwä geçýär. Şol ynama mynasyp bolmak üçin ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar.

Türkmen ýaşlaryny ylmy işlere çekmäge, dünýäniň ylym giňişliginde ýaş alymlaryň neslini kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilşimiz ýaly, ýaş alymlara maddy goldaw bermek, olaryň amala aşyrýan ylmy-barlag işlerini we taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy hem döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» talyp ýaşlaryň, ýaş alymlaryň döwlet tarapyndan goldawlylygy kepillendirilýär. Hut şoňa görä-de, ýaş alymlara goldaw bermek arkaly, türkmen ylmynyň geljeginiň has-da ösdürilýändigini bu günki günde ylym ulgamynda gazanylýan netijeler aýdyňlygy bilen görkezýär.

Goý, ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek babatynda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun! 

Baýram ANNAÝEW,

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok