Werdelit – jadyly daş

Werdelit daşy turmalin minerallar toparynyň iň gowy görlüp we köp talap edilýän görnüşi hasaplanylýar. «Werdelit» italýan sözi bolup, terjime edilende ol «verde» — ýaşyl, «lithos» — daş diýen manyny berýär. Mineral açyk ýaşyldan doýgun ýaşyl reňk aralygynda bolýar.

Werdelit mineralynyň häsiýetli aýratynlygy bar, ýagny ol görnüş burçuna baglylykda reňkini üýtgedip bilýär. Şonuň üçin daş saýlananda onuň bu häsiýeti aýratyn göz öňünde tutulýar. Şeýdilende ol «älemgoşaryň» ähli reňklerinde owadan öwüsýär. Bu mineral ýeňil taraşlanýandygy üçin zergärçilikde giňden ulanylýar.

Gadym döwürlerde werdelit daşyň adama edýän täsiri üçin oňa «jadyly daş» hem diýlipdir. Onuň öz eýesini gözden-dilden goraýandygy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr. Irki döwürlerden bäri bu daşy mukaddes hasaplap, ony tumar hökmünde hem saklapdyrlar. Adamlar mineralyň üýtgeşik alamatlarynyň öňünde baş egipdirler hem-de mineraly paýhaslylygyň nyşany diýip hasaplapdyrlar.

Bu daş adamyň janly tebigatyň diline düşünmekligine hem ýardam edýär. Bu aňlamaklyk, düşünmeklik, duýgurlyk netijesinde ýüze çykýar. Ýagny ol ýeňillik bilen haýwandan ýa-da agaçdan haýsy energiýanyň gelýändigini duýýar. Şonuň üçin werdelidi adam bilen tebigatyň arasyndaky gepleşikleriň terjimeçisi diýibem atlandyryp bolýar. Bu häsiýeti üçin mineraly sirklerde haýwanlary boýun egdiriji, eldeki ediji hünärmenlere, weterinar lukmanlaryna tumar edinmeklik maslahat berilýär.

Werdelit daşynyň adam saglygyna berýän täsiri hem juda uludyr. Ilki bilen, onuň adamyň nerw ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam berýändigini bellemek zerurdyr. Ol bedene güýç-kuwwat berýär, ýüregiň, bagryň, böwregiň we damarlaryň işini kadalaşdyrýar, deriniň ýagdaýyny gowulaşdyrýar. Şeýle-de bedeniň goraýjy güýjüni güýçlendirýär. Hünärmenler gan-damar, limfa ulgamynyň ähli kesellerinden ejir çekýänlere werdelit daşyndan bezeg şaýlaryny dakynmagy maslahat berýärler.

Baky AKMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok