«Dubai Miracle Garden» – dünýädäki iň uly gül seýilgähi

Dubaýdaky ýene bir ajaýyp ýerleriň, dünýädäki iň uly «Dubai Miracle Garden» atly gül seýilgähidir. Ajaýyp owadan Dubaý täsinlikler bagyny hakykatdanam hakyky gudrat diýip atlandyryp bolar – şeýle ajaýyp güller.

Dubaýdaky täsinlikler bagy çäksiz çägeli depeler dünýäsinde ajaýyp oazisdir. Seýilgähiň meýdany 72 müň inedördül metr, ýollarynyň uzynlygy 4 km. Dürli gül ajaýyplygynda 60 dürli reňkli ösümlikleri tapawutlandyryp bolýar.

«Dubai Miracle Garden» seýilgähinde ajaýyp pursatlaryň biri Ginnesiň rekordlar kitabyna giren uzynlygy 800 metr we beýikligi 3 metr bolan gül diwarydyr. Şeýle hem dünýäde iň uly dik bag, on metrlik gül piramidasy bar.

Bu seýilgäh 2013-nji ýylda Söýgüliler güninde açyldy we dünýäde meşhur Aşyklar gününe gabat geldi. Gül bagynyň Birleşen Arap Emirliklerinde söýgüsini boýun alýan we nikalaşmak tekliplerini berýän iň romantik ýere öwrülendigi geň däldir. Ýewropanyň we ABŞ-nyň hünärmenleri gül oazisini döretmek boýunça işlediler. Ol ýerde gülleriň 45-e golaý görnüşlerini ösdürip ýetişdirdiler.

Aýjeren RAHMANOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok