«Gepleýär Aşgabat!»: Türkmenistanda «Bütindünýä radio güni» bellenildi!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan ugur alyp, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanda ilkinji açylan     «Parahatçylyk dilleri» hem-de  «Parahatçylygyň medeniýeti» atly Ýunesko Klublarynyň bilelikde geçirmeginde 13-nji fewralda  «Bütindünýä radio güni» bellenildi.

«Gepleýär Aşgabat!» – bu sözler ilkinji gezek Türkmenistanyň paýtagtynda işe girizilen radiostansiýadan 80 ýyl mundan ozal ýaňlanypdyr. 1927-nji ýylyň noýabr aýynyň başlarynda radiostansiýanyň gurluşygy tamamlanýar. Türkmenistanda ilkinji radiogepleşigi berlip başlanýar. Gepleşigi radiosöýüjileriň hemmesi höwes bilen diňläpdir.

Türkmen radiosy 50-nji ýyllaryň başlaryndan türkmen radiosy hem-de onuň tehniki bazasy, döredijilik mümkinçiligi ösüp başlady.  Radiostansiýada kuwwatly radioperedatçikler ornaşdyrylyp, uzyn, gysga, orta tolkunlarda işläp biljek täze radiostansiýa işe girizilýär. Telewizion merkeziň ulanylmaga berilmegi bilen, ultragysga tolkunlardanam gepleşikler berlip başlanýar. Ilkinji türkmen radiosynda Geldi Döwletow, Oguljahan Mämikowa, Baýram Geldimyradow, Walentina Antipowa diktor bolup işläpdirler.

Türkmen radiosynyň ösmegine döredijilik işgärleri hem öz  uly goşantlaryny goşupdyrlar. Bu möhüm işde ýazyjylar, žurnalistler, kompozitorlar, sazandalar – Ata Gowşudow, Nurmyrat Saryhanow, Berdi Kerbabaýew, Aleksandr Aborskiý, Ata Salyh, Aşyr Nazarow, Aşyr Kulyýew, Pürli Saryýew, Mylly Täçmyradow, Çary Täçmämmedow dagy uly hyzmat bitirdiler.

Radionyň ilkinji sazandalary hem-de bagşylary halkyň söýgüsini gazanan Oraz Salyr, Muhy bagşy, Nursähet bagşy, Garly bagşy bolupdyrlar. Şol döwürde ýörite radio žurnalistleri B.Pälwanow, P.Çörliýew, S.Mämmedow, W.A.Baýkowa, R.Gutlyýew, A.Myradow, A.Myşyýew, H.Galandarow zähmet çekipdirler. 

Häzirki günde ildeşlerimiz radiodan «Watan»,  «Miras», «Çar tarapdan», «Türkmen Owazy»  ýaýlymlarynyň üsti bilen özleriniň söýgüli gepleşiklerini, şeýle hem aýdym-sazlaryny diňläp bilýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok