Döwletiň hasabyna 100-e golaý näsag çaga dürli operasiýalar geçirildi

10-njy fewralda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilşi ýaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen ýyl hassahanalaryň 3-si dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol döwürde täze ylmy-kliniki merkezleriň we hassahanalaryň gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 100-e golaý näsag çaga dürli operasiýalar geçirildi, mekdep-internatlary we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok