Abraýly koreý neşiri Arkadag şäheri bilen gyzyklanýar

7-nji fewralda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 31 ýyl doldy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň bu ýurtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew «The Korea Post» halkara žurnalynyň baş redaktory Li Kýon Sek bilen duşuşyk geçirdi.

Onuň dowamynda türkmen diplomaty syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn dialogy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döredendigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili «The Korea Post» žurnalynyň žurnalistlerine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Şunda, esasan, sebitde ilkinji «akylly» şäher boljak bu döwrebap merkezde «ýaşyl» ýörelgeler esasynda ýaşaýjylaryň oňaýly durmuşy üçin daşky gurşawy goramak hem-de seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere üns çekildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok