Umytly gözlegler dowam edýär! (Täzelenýär)

Sene: 13.02.2023ý; sagat: 04:30 – (Maglumatlar täzelenýär..)

WAGT «04:17»-DE SAKLANDY!

Ýer titremäniň bolan sebitleri: Kahramanmaraş, Kilis, Diyarbakır, Adana, Osmaniye, Gaziantep, Şanlıurfa, Adıyaman, Malatya we Hatay.

Pida bolanlaryň sany: 29 müň 605.

Ýykylan bina sany: 6 müň 444.

Wakanyň bolan ýerinde Howadan kömek üçin 70 uçar, 167 dikuçar, 45 adamsyz howa uçary, 9 dron hereket edýär!

Deňizde bolsa harby-deňiz güýçlerine degişli 24 sany gämi wakanyň bolan sebitine hyzmat berýär!

Harabalygyň aşagyndan diri galanlary çykarmak üçin 12 müň 320 sany gurluşyk ulaglary hereket edýär!

Wakanyň bolan sebitlerinde işleýän – tiz kömek, goranmak, polisiýa, ýerli howpsuzlyk ýaly dürli döwlet edaralaryndan we beýleki gulluklardan gelen meýletinçileriň şeýle-de ýangyn söndüriji, ewakuasiýa, halkara gözleg we halas ediş işgärleriniň umumy sany 223 müň 320 adam.

Daşary ýurtlardan gelen gözleg we halas ediş işlerini geçirýän adamlaryň sany: 9 müň 369.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok