Soňky 100 ýylyň iň weýrançylykly ýer titremesi: 7 günlük milli ýas!

Türkiýäniň 10-dan gowrak sebitinde bolup geçen ýer titremesi pajygaly ýagdaýlara sebäp boldy.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän pursatlarynda düýn (06.02.2023ý. senesinde) jemi 100-den gowrak gezek ýer güýçli sarsdy.

2 müň 921 adam aradan çykdy! 15 müň 834 adam ýaraly!

Ýer titremäniň bolan Kahramanmaraş, Malatya, Gaziantep, Hatay, Adana, Kilis, Adıyaman, Diyarbakır, Şanlıurfa, Osmaniye ýaly sebitlerinde geçirilýän gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde pida bolanlaryň we ýaralylaryň sany artýar!

Harabalykdan 7 müň 840 adam halas edildi!

Betbagtçylygyň bolan sebitinde 16 müň 400 adam işleýär!

7 günlük milli ýas!

Türkiýäniň birnäçe sebitinde bolan güýçli ýer titremesi sebäpli 7 günlük milli ýas yglan edildi.

Mekdepler ýatyryldy!

Türkiýäniň Bilim ministrligi, Türkiýedäki ähli mekdepleriň 13-nji fewrala çenli ýatyrylandygyny habar berdi.

4899 çadyr gurnaldy!

Ýer titremesinden ejir çeken şeýle-de öýsüz galan raýatlar üçin ýer titremäniň bolan  dürli sebitlerinde 4899 sany ýörite çadyr dikildi.

Sunami duýduryşy!

Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy, ýer titremeleriniň birnäçe wagtlap dowam edip biljekdigini aýdyp, «sunami» barada hem duýduryş berýär.

Ýeke dälsiň, Türkiýe!

Russiýa, ABŞ, Azerbaýjan, Gollandiýa, Polşa, Rumyniýa, Horwatiýa, Bolgariýa, Gresiýa, Çehiýa, Fransiýa, Italiýa, Hindistan, Angliýa, Eýran, Ysraýyl, Şwesiýa, Gazagystan, Litwa, Liwan, Müsür, Päkistan, Serbiýa, Ukraina, Wengriýa ýaly döwletler we Ýewropa Bileleşigi şeýle-de NATO ýaly guramalar ilkinjileriň hatarynda gözleg we halas ediş toparlaryny iberdiler, ynsanperwerlik kömegini etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok