Ýaşlar – Watanyň röwşen geljegi

Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işlerine mynasyp goşant goşmak, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde iň bir abadan hem-de kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin döredijilikli zähmet çekmek mukaddes borçdur. Berkarar döwletimizde halal işläp, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmäge ähli şertler, mümkinçilikler bar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygyny, olara uly ynam bildirilýändigini açyk-aýdyň görkezýär. Ýylyň şygarynyň şeýle atlandyrylmagy berkarar Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek baradaky maksatdan ugur alýar.

Är gaýrata galsa, ýüküň agramy duýulmaz. «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz». Ýaşlaryň gaýrata galyp, ner kuwwaty bilen il keşigini egne almaly döwri geldi. Döwür, eýýam täze bir nesle il ykbalyny ynanýar. Ynamy ödemek borçdur. Uly jogapkärçilik paýy gerdenine düşen nesiller bagtly bolmaga hakly, ynama ygrarly bolmaga borçludyrlar. Bu bagt, bu jogapkärçilik nesilleri atalaryň altyn ýoly bilen öňe ilerledýär. Il bähbidini öz bähbidiňden ileri tutmak halkyň ogly bolmaga ýardam edýär. Halkyň ogly bolup, oňa hyzmat etmek ynsanlyk parzymyzdyr. Bu aýdylanlara Milli Liderimiziň: «Halka gulluk etmek Haka gulluk etmekdir» diýen sözleri aýdyň mysaldyr.

Goý, ýaşlara hemişe ýokary ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Toýli ÇINGIZHANOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Myrat

Govy

Myrat

Oran govy