«Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň düzgünnamasy:

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşigiň şertleri:

1. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny görkezmeli (talyp gyzlar öz isleglerine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler, wagty 5 minut).

2. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmeli (wagty 10 minut).

3. «Hünärim bar — hormatym bar». Bu şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmeli (wagty 10 — 15 minut).

Bellik: Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan 17 — 30 ýaş aralygyndaky talyp gyzlar gatnaşyp, olaryň her biri öz okaýan ýokary okuw mekdebiniň nyşany bilen çykyş etmeli.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşik, ilki bilen, ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde 2023-nji ýylyň 4 — 25-nji fewraly aralygynda geçiriler. Ýokary okuw mekdepleriniň hersinden ýeňiji bolan, ýagny 1-nji orny eýelän talyp gyz paýtagtymyzda 2023-nji ýylyň 1 — 7-nji mart aralygynda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýokary okuw mekdepleriniň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary şol ýokary okuw mekdebinden bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak talyp gyzyň maglumatlaryny 2 nusgada (özi we dogan-garyndaşlary hakyndaky maglumat) we 9х12 ölçegdäki 2 sany suratyny 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine tabşyrmaly.

Bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilip, olar bäsleşigiň her bir şerti üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýarlar. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Goýlan bahalary goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijileri Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp talyp gözeller yglan ediler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Hormat we Minnetdarlyk hatlary, şeýle-de ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16, 44-84-85.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi: 44-88-58.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok