Ýaňy ýakynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi.
Nobatdaky foruma Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň ähli künjegindäki wekilleri, öňdebaryjy ýaşlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredildi hem-de degişli Kararnama kabul edildi. Munuň özi Ýaşlar guramasynyň iş usullarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan öňdebaryjy ýaşlara sowgatlar gowşuryldy.
Şeýle ajaýyp sowgatlara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy «Türkmeniň Altyn asyr bäsleşiginiň» ýeňijisi Tahyr Ataýew we «Estrada sungaty» hünäriniň V ýyl talyby «Türkmeniň Altyn Asyr bäsleşiginiň» ýeňijisi Şatlyk Gurbannazarow dagylar mynasyp boldular. Şeýle asylly ýörelgeleri bilen eziz halkymyzy, ýaşlarymyzy bagtly geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Laçyn JÜMMIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
Teswirler