Halkara Žautykow olimpiadasyna fizika boýunça gatnaşjak Türkmenistanyň Milli ýygyndysy saýlandy

Gazagystan döwletinde geçirilýän 19-njy Halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylarynyň arasynda fizika dersi boýunça saýlap alyş synagy geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň orta mekdepleriniň ýaş fizikleri synagy tabşyrdylar. Fizika boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndysyny saýlamak ugrunda geçirilen synagda ýokary netije gazanan 6 sany mekdep okuwçysy, ýagny, Döwletgeldi Merdanow, Haýrulla Babamyradow, Döwlet Sultanow, Jasur Jumanyýazow, Laçyn Hydyrowa we Humaý Myradowa dagylar 2023-nji ýylyň fewral aýynyň başynda geçiriljek 19-njy Halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Geçen ýyla garanyňda milli ýygyndynyň düzümi 2 okuwçy artdyrylyp, sany 6-a ýetirildi. Bu bolsa, fizika ugruna höwes bildirýän ýaş zehinli okuwçylara gerekli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň subudydyr.

Belläp geçsek, 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän bu olimpiada häzirki wagtda 15-den gowrak döwletden şonça topar we 100-lerçe okuwçy gatnaşyp özleriniň zehinlerini ýüze çykarýarlar. Olimpiada matematika, fizika we kompýuter ylymlary ýaly 3 ugur boýunça geçirilýär.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok