2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasyndan 600 müň tonnadan gowrak ýük «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi arkaly iberildi. Şonuň 130 müň tonnasy halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly — Gazagystanyň we Türkmenistanyň demir ýollary arkaly günorta iberildi.
Geçen ýylda «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň 3 şahasy — gündogar, deňiz we günbatar ugurlary arkaly umumy ýükleriň geçirilişi 36,3 göterim ýokarlandy. Halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol düzümlerini özara birleşdirýär. Bu demir ýol şahasy arkaly geçen ýylyň dowamynda Russiýadan daşalan ýükleriň möçberi 2021-nji ýyldakydan 2 esse artdy.
«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň orta şahasy bolan Hazar deňzi arkaly Russiýadan iberilen ýükleriň möçberi geçen ýylda 26,6 müň tonna deň bolup, 14 esse, günbatar şahasy arkaly iberilen ýükleriň möçberi hem 448 müň tonna deň bolup, 18,5 göterim artdy.
Belläp geçsek, halkara ulag geçelgesiniň Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän demir ýol şahasyny işjeňleşdirmek üçin «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň bütin dowamynda degişli ugurda halkara ýük daşamalarynda 20,7 göterim arzanlaşyk yglan etdi.
Saparmyrat GURBANMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler