«KamAZ» Türkmenistany elektrik awtobuslary bilen üpjün eder

«KamAZ» Türkmenistanyň howa şertlerinde synag etmek üçin iki sany elektrik awtobusyny we aşa çalt zarýad beriş stansiýasyny iberdi. Bu barada paýtagtymyzda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynda «KamAZ»-yň baş müdiri Sergeý Kogogin aýdyp geçdi.

Sergeý Kogogin: « – Iň täze tehnologiýany üpjün etmegiň mümkinçiligi barada aýdanymda, «KamAZ»-yň elektrik awtobuslaryny öndürmekde Russiýada öňdebaryjydygyny belläsim gelýär. Bu gün bu usuly Türkmenistana, ähli artykmaçlyklaryna baha bermek üçin mümkinçilikleri hödürlemekden hoşal. Türkmenistanyň howasynda enjamlary barlamak üçin iki sany «KamAZ» elektrik awtobusy we aşa çalt zarýad beriş stansiýasy getirildi. Bu döwrebap enjamlar Ahal welaýat häkimligine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine we Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna hödürlendi. «KamAZ» Türkmenistan üçin zerur bolan mukdarda elektrik awtobuslaryny bermäge taýyn» diýip, belläp geçdi.

Häzirki wagtda «KamAZ» tarapyndan öndürilen 800 töweregi elektrik awtobusy Moskwanyň gatnaw ugurlary boýunça hereket edýär. Mundan başga-da, Russiýanyň beýleki şäherlerinde awtobuslaryň synag işi geçirilýär.

Kogogin: « – Netijeli hyzmatdaşlygyň subutnamalarynyň biri 1982 awtoulag bilen üpjün etmek baradaky esasy şertnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegidir. Umuman alanyňda, hyzmatdaşlygyň dowamynda dürli maksatlar üçin 10 müňden gowrak enjam Türkmenistana ýetirildi» diýip habar berdi.

Belläp geçsek, «KamAZ» 2023-nji ýylda Daşoguz welaýatynda hyzmat ediş merkezini açmagy meýilleşdirýär.

Atajan ŞIRMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok