20-nji ýanwarda Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş çäresi geçirildi. Şu mynasybetli ir säherden täze metjidiň guruljak ýeri köp mähelleli boldy. Çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjy dili senaly ýaşulular, din wekilleri, şeýle-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdylar.
Ahal welaýatynyň baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Metjidiň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si metjidiň binagärlik görküne görk goşar. Olarda ýokary tizlikli liftler ornaşdyrylar.
Üç gatdan ybarat bolan metjidiň binasynda 100 adamlyk medrese, muzeý, kitaphana, namaz okamak üçin zallar, dolandyryş we hojalyk otaglary ýerleşer. Namaz okalýan zallaryň gurluşygynda dürli görnüşli tebigy materiallar, şol sanda bezeg üçin mermer we oniks daşlary ulanylar. Metjidiň seýilgäh zolagy 10 gektar meýdany eýelär. Suw çüwdürimler toplumy bolsa seýilgähiň esasy bezegine öwrüler.
Teswirler