Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ýaşlary berk bedenli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar edip terbiýelemekde bedenterbiýäniň we sportuň aýratyn orny bardyr. Bu ugurda alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýe bolup, häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek işleri dowam etdirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy hökmünde ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyny bellemek bolar.
Elbetde, bedenterbiýe we sport ilatyň saglygyny berkitmek bilen bir hatarda, adamyň şahsyýet hökmünde beden ösüşine, saglygyna, işjeňligine, kämilleşmegine uly täsir edýär. Bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň endige öwrülmegi, ilki bilen, adamda gowy häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär. Bu bolsa şahsyýetiň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna getirýär. Bu günki günde türkmen ýaşlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar we dünýäde geçirilýän ýaryşlarda mynasyp orunlary eýeleýärler. Bu bolsa, ilki bilen, olaryň sagdynlygyndan, ruhubelentliginden habar berýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn ösmegi üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen giň mümkinçilikler döredilýär. Biz hem şeýle mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ýyldyz ÝAZMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler