Türkmen kompaniýasy ýerli akkumulýatorlary daşary ýurda eksport eder!

«Kökçi» hojalyk jemgyýeti akkumulýator önümçiligi bilen ýurdumyzda adykdy.  Häzirki wagtda bu kompaniýa akkumulýatorlar bilen içerki bazary doly üpjün etmek bilen, goňşy döwletlere-de eksport edilýär. Ýakyn geljekde kompaniýa öz öndürýän akkumulýatorlaryny Azerbaýjana eksport edip başlar. Bu ugurda häzirki wagtda işewürlik geleşikleri baglaşylýar.

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Kökçi» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde önümçiligiň kuwwatyny iki esse artdyrmagy, täze haryt nyşanly akkumulýatorlary öndürmegi, içerki we daşarky bazarda hyzmatdaşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Bu babatda kärhanada Hindistandan, Hytaýdan ýokary kuwwatlylykly täze enjamlar getirilip, olary gurnamak, önümçilige ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Belläp geçsek, hususy kärhana 2016-njy ýylda işe girizildi. Kompaniýa Türkmenistanda akkumulýator önümçiligini ilkinji bolup ýola goýdy.

 «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde ýeňil we ýük awtoulaglary üçin kuwwatlylygy 60-dan 190-a çenli beýgelýän ýokary hilli «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanly akkumulýatorlar öndürilip, sargyt edijilere ugradylýar.

Hojalyk jemgyýetiniň Türkiýäniň we Ýaponiýanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan önümçilik bölümlerinde ilatdan ýygnalan köne akkumulýatorlaryň gurşunlary gaýtadan işlenilip, täze akkumulýatorlary öndürmekde ulanylýar. Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky Himiýa zawodyndan alynýan käbir himiki serişdeler we arassalanylan suw önümçilikde esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Ýeri gelende, hususyýetçiler bilen bu önümçiligi ýola goýmakdaky başlangyçlaryň belli bir böleginiň himiýa zawodyna hem degişlidigini nygtamak gerek.

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde akkumulýator öndürmek işiniň ilkinji tapgyry köne akkumulýatorlary söküp, olaryň düzümindäki gurşuny ýokary gyzgynlykdaky peçlerde eretmekden we gaýtadan işlemekden ybaratdyr. Soňra arassalanylan gurşunlardan gurşun plastinasy taýýarlanylýar.

Beýleki bir bölümde plastinalara palçyk çalnyp, ýokary gyzgynlykdaky peçde guradylýar. Bu palçyk plastinalaryň elektriklenmeginde ähmiýetlidir. Şondan soňra plastinalar kesilip, ýörite gutulara ýerleşdirilýär. Ýygnalan akkumulýatorlara ýörite bölümde zarýad berilýär. Zarýad bermek işleri her pasla görä, 24 sagatdan 35 sagada çenli dowam edýär. Zarýadlanmadan çykan akkumulýatorlar ýörite hünärmenler tarapyndan barlagdan geçirilýär. Ondan soňra olar berkidilip, polietilen gaplarda müşderä ýetirmäge taýýar görnüşe getirilýär.

Her günde 300-350 töweregi akkumulýator öndürilýän bu hojalyk jemgyýetinde 80-ne golaý hünärmen yhlasly zähmet çekýär. «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri ýurdumyzyň ähli sebitinde işleýärler. Türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen akkumulýator hil babatynda-da kepillendirilýär. Müşderiler hem satyn alan önüminiň hilinden hoşal bolýarlar.

Häzirki wagtda kompaniýa bilen işleşmek üçin Germaniýanyň we Owganystanyň käbir kompaniýalary-da uly isleg bildirýärler. Bir ýyldan bäri bu kärhanada öndürilýän akkumulýatorlaryň goňşy Owganystan döwletine eksport edilýändigi hem bellärliklidir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok