Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary halkara media giňişliginde uly gyzyklanma döretdi. Iri habarlar agentlikleri, metbugat neşirleri, teleýaýlymlardyr internet saýtlary arkaly ýaýradylan habarlarda saparyň wakalary jikme-jik beýan edilip, bilermenlerdir žurnalistler Pekin duşuşygynyň netijelerine örän ýokary baha berdiler.
HABARLAR, MAKALALAR, WIDEOROLIKLER, DOKUMENTAL FILMLER:
Saparyň dowam edýän günlerinde habardyr makalalary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygy bilen bagly sözbaşylar bezese, ýurduň merkezi teleýaýlymlary köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösüş tapgyrlaryna bagyşlanan wideorolikleri, gysga göwrümli dokumental filmleri tomaşaçylaryň millionlarçasyna ýetirdiler.
900 müň nusgada, iňlis dilinde çap edilýän gündelik gazet bolan «China Daily» öz sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa ilkinji döwlet saparynyň wakalaryny giňişleýin beýan etdi. Hususan-da, «Hytaý we Türkmenistan gatnaşyklaryny täze derejä çykarýar» atly makalada iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň derejesini hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyga çenli ýokarlandyrandygy nygtalyp, taraplaryň bu hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, birek-biregiň düýpli bähbitleri hem-de umumy ykbally bileleşigi gurmak bilen bagly meselelerde özara goldaw bermäge borçlanandyklaryna aýratyn üns çekilýär.
Teswirler