«Zehin bäsleşigi -2022» Ýylyň çempiony kim?

Täze ýyl baýramynyň öň syrasy «Zehin bäsleşigi» gepleşiginiň Final duşuşygy geçirildi. «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi bilen bilelikde taýýarlanylan bu gepleşik eýýam ençeme ýyl bäri dowam edip gelýär. 2022-nji ýylda gepleşigiň finalyndan öň saýlama, esasy we jemleýji ýaly tapgyrlary boldy we finala çykan bäsleşler, ýagny Türkmenistanyň Merkezi Döwlet arhiwiniň uly ylmy işgäri Sülgün Myndyýewa hem-de Aşgabat şäheriniň 13-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň orunbasary Merjen Handurdyýewa finala çykmak üçin ençeme bäsdeşlerden üstün çykmagy başardylar.

Möwsümiň çempionyny saýlaýan duşuşyk Ýunus Allanazarowyň alyp barmagynda hem-de iki pudakdan gelen janköýerleriň we geçen möwsümiň ýeňijileriniň gatnaşmagynda, baýramçylyk atmosferasynda geçirildi. 5 tapgyryň netijeleri boýunça 70 utuk ara tapawut bilen Sülgün Myndyýewa ýeňiji bolmagy başardy.

Gepleşige dolulygyna  «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda 2022-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 18:00-da tomaşa edip bilersiňiz!

2023-nji, ýagny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem «Zehin bäsleşigi»-niň döredijilik topary sizi gyzyklandyrjak täzelikleriň ugrunda zähmet çekýärler. Size köp sanly täzelikler garaşýar!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok