Jony-niň konserti tamamlandy. Aşgabat adaty durmuşa dolanýar.
Uzak wagt dowam eden pandemiýa çäklendirmeleri dünýä jemgyýetinde özgerlişige getirdi. Köpçülikleýin medeni çärelere teşnelendirdi.
Muny biz öz jemgyýetimizde artygy bilen duýduk. Täze ýylyň bosagasynda Aşgabatda geçirilen daşary ýurtly aýdymçylaryň konsertleri soňky iki hepdäniň iň köp gepleşilen temasy boldy.
Bu gezek Nýuşa, Dima Bilan, Irem Deriji, Mustafa Sandal, “Jony” paýtagtymyzyň buzly köşgünde çykyş etdiler. Bu ýylky üýtgeşiklik aýdymçylaryň hersi tapawutly wagtda solo konsert berdiler. Şeýlelikde bäş sany tapawutly konserte tomaşa etmäge mümkinçilik döredi.
Iň köp gepleşilen tema bolmak bilen çäklenmän, petek kassalarynyň öňünde halk köpçüligi üýşdi. Petekler gutarmanka alyp ýetişjek bolup, daň bilen gelip, garaşanlar hem bolupdyr.
Öňler hem daşary ýurtly ýyldyzlaryň konsertlerine uly isleg bolardy. Emma bu ýylky joşgun, höwes, hyjuw öňki ýyllarda bolmandy. Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli iki ýyl wagt adamlary beýle dabaralara suwsadan bolmaly. Gündelik aladalar, ýylyň dowamyndaky iş ýadawlygynyň yzyndan şeýle konserte tomaşa edip, dynç alasy gelýär, elbetde, ynsan.
Emma konsertiň öňüsyrasynda ýolda, yzda, awtobusda, maşynda, iş ýerlerinde, öýlerde gürrüň diňe şu konsertler barada bolmagy, elbetde, meni birazrak ýadatdy. “Sandalyň konserti näçede?”, “Nýuşa bilet aldyňmy”, “Dima Bilanyň konsertine gitjekmi”, “Jigimiň doglan gününe Jony-niň konsertine bilet sowgat etdim”, “Irem Derijä artykmaç bilet aldym, gerekmi?” we şoňa meňzeş gürrüňler. Ýatsak Jony, tursak Jony. Indi çaltrak şu konsertler geçsin diýip dileg edip başladym.
Mustafa Sandal, Dima Bilan we Nýuşa meniň öň hem atlaryny eşidip, aýdymlaryny diňleýän aýdymçylarymdy. Emma, Jony …
Dogrymy aýtjak, Jony atly aýdymçynyň kimdigini şu konsert sebäpli bildim. We Türkmenistanda beýle köp muşdagynyň bardygyny hem bilmeýärdim. Konsert zalyny dolduran 10 müň adamdan daşary hem ýüzlerçe muşdaklar buzly köşgüň daşynda üýşdi.
Jony-niň fanatlary konsertiň ahyryna çenli dik durup tomaşa etdiler, bile hiňlendiler.
Mustafa Sandal we Dima Bilanyň hem konsertleriniň joşgunly bolandygyny bellärliklidir.
Russiýaly aýdymçy Jahid Afrail ogly Hüseýnlini öz sungaty bilen halklaryň köňüllerinde tagt gurup bilenligi sebäpli gutlaýaryn.
Indi konsert gutaran bolsa, adaty durmuşa dolansak hem bolar!
Merdan Ataýew
Photo: Süleýman Çaryýew
Teswirler
oyun etmañ Akon bilen. Akon gaty beyik adamdyr...
Akon biziň ýurdumyzda gaty meşhur däl, şonuň üçin hem ýatlanylmady
Jonyn sesini Akonyn sesi bn denesdiresimem gelenok. Aslynda men oz milli aydymcylarymy dinlap, solary goldasym gelyar. Biz oz milli ruhymyzy galdyrmaly. Oz medeniyetimizi soymeli. Ondan sonra beyleki medeniyetleri soysek bolar. Dvnya yvzvnde sahsyyet kan. Olar sylaga mynasyp. Yone men ilki bn oz milli sahsyyetlerimizi sylap, soyesim gelyar. Bizin halkymyz sylaga we soyga mynasyp halk.
dogurdanam, Akon gelende beýle köp ýatlanylmady emma JONY?!
Menem Jonyň muşdagy däl, ýöne şonda-da janköýerlerini hakykatdanam joşduryp bilyanine göz ýetirdim!
Özüňizem gatnaşan ýaly tasirli ýazypsyňyz!
Hasam janköýenirin nahili derejede gayratlylyk bilen sahna cykandygy baradaky wideolar, suratlar su hepdanin in gyzgyn habarlary bolar. Toba...
Jonynyñ ozi giden hem bolsa-da, wideolary we suratlary entek-entekler gitjege meñzemeýär