Täze ýyl gijesi awtobuslar 02:00-a çenli ilata hyzmat eder!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi web sahypasynda bildiriş çap etdi. Ol bildirişde şeýle diýilýär:

Hormatly ildeşler!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär. Şu mynasybetli agentlik jemgyýetçilik awtobuslarynyň Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi, şeýle-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça  2022-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 02:00-a çenli hyzmat eder.

Mundan başga-da, ýeňil taksi awtoulaglary gije-gündiziň dowamynda size hyzmat eder. Awtoulag hyzmatlary boýunça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheri boýunça – awtobus hyzmatlary üçin (+99312) 44-33-91, 44-33-90 we taksi hyzmatlary üçin 76-05-01; 76-05-02; 76-05-03;

Mary şäheri boýunça – (+993522) 7-96-22, 5-65-75, 5-60-12;

Türkmenabat şäheri boýunça – (+993422) 6-29-01, 6-34-37;

Daşoguz şäheri boýunça – (+993322) 6-62-87, 6-07-04;

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok