Ylym – bagtyň çyragy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan döwlet gurluşy strategiýasynda, milli maksatnamalarda, ykdysadyýeti Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Islendik döwletiň, jemgyýetiň ösüşi kämil ylym-bilim ulgamyny döretmek bilen berk baglanyşyklydyr. Döwrüň öňe sürýän talaplaryna laýyklykda sanly bilim konsepsiýasy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýän meseleleriň biridir. Dünýäniň globallaşýan döwründe bilim ulgamy hem tehnologiýanyň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim ulgamynda hem dünýä tejribesine we milli ýörelgelerimize laýyklykda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar. Ylmy ösdürmek, onuň hilini täze, has ýokary sepgitlere çykarmak ýurduň tehniki ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkyň medeni derejesini hem-de maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim we terbiýe bermekde zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Biz talyp ýaşlar hem ýokary okuw mekdebimiziň okuw meýilnamasyna laýyklykda, ähli amatlyklary we şertleri bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz talyp ýaşlaryň çuň aň-bilimli, medeniýetli, täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hem-de häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesiller bolup ýetişmegimize uly mümkinçilik döredýär we belent maksatlara ruhlandyrýar.

Goý, ýaşlaryň okamagy, işlemegi, döwrebap dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Orazberdi AŞYRBERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok